Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) ýerini ýetiriji komiteti guramanyň häzirki baş direktory Tedros Adanom Gebreýesusy ikinji möhlete dalaşgär görkezdi. Bu barada guramanyň ýerine ýetiriji komiteti Ženewada geçirilen 150-nji mejlisde degişli çözgüt kabul etdi. Gibrid formatynda geçirilen mejlisde guramanyň baş direktory wezipesi üçin dalaşgär hödürlemek babatda kararnama kabul edildi. Kararnamada: “Ýerine ýetiriji komitet Tedros Adanom Gebreýesusy BSGG-niň baş direktory wezipesi üçin geljek 5 ýyl üçin hödürledi.” diýlip bellenilýär.
Bu hödürnama Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 75-nji mejlisine hödürlener.
Ýeke-täk dalaşgär görkezilen Gebreýesus üçin ses bermek çäresi 2022-nji ýylyň 22-28-nji maýynda Ženewada geçiriljek Bütindünýä Saglygy goraýyş assambleýanyň mejlisinde guralar. Mälim bolşy ýaly, Tedros Adanom Gebreýesus 2017-nji ýylda BSGG-niň baş direktory wezipesine saýlanypdy. Ol 2012-2016-njy ýyllarda Efiopiýanyň saglygy goraýyş ministri wezipesinde ýerine ýetiripdi.