Şweýsariýa bilen Italiýanyň serhedinde ýerleşýän Matterhorn dagy 4478 metr belentligi bilen Alp daglarynyň iň beýik nokatlarynyň biri hasaplanýar. Bu dagyň demirgazyk ýüzi Şweýsariýanyň Wale kantonyndaky Sermatt şäherine, günorta ýüzi bolsa Italiýanyň Brýoý-Çerwiniýa şäherine seredýär.
Bu dagyň özüne çekijiligi, täsinligi bolsa onuň beýgelip peselýän aýlawly dag bolmagydyr. Dünýäde iň köp surata düşürilen dag hasaplanýan Matterhornyň töweregindäki köller onuň ajaýyp tebigatyna görk goşýar. Pyýada üçin ýodalary bilen meşhurlyk gazanan sebit gyşky sport desgalary babatda hem meşhurdyr. Bu dagyň çür depesine çykmak diňe tejribeli dagçylara başardýar. 1865-nji ýylda dagyň iň beýik nokadyna çykan ilkinji adam Uimper Eduard hasaplanýar.