Halkara walýuta gaznasy global ykdysadyýetiň 2022-nji ýylda 4,4 göterim ösjekdigini mälim etdi. Gaznanyň taýýarlanan dünýäniň ykdysady ýagdaýy baradaky maglumatnamada ösüşiň ozalky çaklamadan biraz pes boljakdygy bellenildi. Maglumatda dünýä ykdysadyýetiniň 2021-nji ýylda 5,9 ösendigi, bu görkezijiniň 2023-nji ýylda 3,8 göterim bolmagyna garaşylýandygy aýdyldy. Gazna geçen ýylyň oktýabrynda ýaýradan maglumatynda global ykdysadyýetiň 2022-nji ýylda 4,9 göterim, 2023-nji ýylda 3,6 göterim ösjekdigi çaklanypdy.

Maglumatda dünýäniň iň iri ykdysadyýetine eýe bolan ABŞ-nyň geçen ýyl 5,6 göterim ösendigi, bu görkezijiniň üstümizdäki ýylda 4 göterim bolmagyna garaşylýandygy bellenildi. 2023-nji ýylda bolsa bu görkezijiniň ozalky çaklamadan (2,2) has ýokary (2,6) boljakdygy aýdyldy. Ýewro sebitinde bolsa, 2021-nji ýylda 5,2 göterim ösüş gazanylandygy  mälim edilip, bu görkezijiniň 2022-nji ýylda 3,9 göterim, geljek ýyl 2,5 göterim boljakdygy habar berildi.

Maglumatda Hytaýyň ykdysadyýetiniň geçen ýyl 8,1 göterim ösendigi mälim edildi. Bu görkezijiniň 2022-nji ýylda 4,8 göterim, 2023-nji ýylda 5,2 göterim bolmagyna garaşylýar.