25-nji dekabrda uçurylan “James Webb” kosmos teleskopynyň barlag geçirmegi üçin bellenen orbita baryp ýetendigi mälim edildi. Äpet enjam Ýerden 1,5 million kilometr uzaklykdaky L2 atly nokada baryp ýetdi. Teleskopyň alty aýyň dowamynda ylmy işler üçin peýdalanylyp başlanjakdygy mälim edildi. ABŞ-nyň Aerokosmos edarasy (NASA), Ýewropa Kosmos Agentligi we Kanada Kosmos Agentligi tarapyndan, jemi 15 ýurduň goldaw bermeginde işlenip taýýarlanan teleskop kosmosyň ilkinji emele gelen döwürlerindäki şöhleleri tutup, kosmosyň taryhy barada maglumat toplamaga ýardam eder.

Kosmos giňişliginde bir aý töweregi hereket eden teleskop mundan beýläk baran ýerinden kosmos giňişligine “syn edip” başlar. Teleskopy dolandyrýan topar ilki bilen teleskopyň sowamalydygyny aýdýarlar. Teleskop her 180 günden bir gezek Günüň daşyndan aýlanar. Ilkinji suratlaryň ýene bäş aýdan iberilip başlanmagyna garaşylýar.