Eme­le gel­ýän ýan­gyn­la­ryň ag­la­ba­sy ýan­gyn howp­suz­lyk düz­gün­le­ri­niň bo­zul­ma­gy ze­rar­ly ýü­ze çyk­ýar. Ýan­gyn howp­suz­lyk düz­gün­le­ri wag­tyn­da ber­jaý edil­se, ýan­gy­nyň öňü­ni al­mak bo­lar. Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Ýan­gyn howp­suz­ly­gy gul­lu­gy ýan­gyn howp­suz­lyk düz­gün­le­ri­ni dog­ry ber­jaý et­mek we ýan­gyn ha­dy­sa­sy ýü­ze çy­kan­da onuň gar­şy­sy­na gö­reş­mek üçin şu­la­ry mas­la­hat ber­ýär.
Ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, ulag­ha­na­la­ryň daş-tö­we­re­gi he­mi­şe aras­sa sak­la­nyp, ha­pa zir-zi­bil­ler öz wag­tyn­da çäk­den çy­ka­ryl­ma­ly­dyr. Ýan­gy­na gar­şy suw ho­wuz­la­ry­na ba­ryl­ýan ýol­lar­dan geç­mä­ge päs­gel­çi­lik dö­ret­mek, ýer­li hä­kim­lik­le­riň rug­sa­dy bol­maz­dan gur­lu­şyk-gur­na­ma iş­le­ri­ni ge­çir­mek, bi­na­dyr des­ga­la­ryň ýan­gy­na gar­şy ara­çäk­le­rin­de, boş­luk­la­ryn­da ýan­ýan ma­te­ri­al­la­ry sak­la­mak, açyk meý­dan­da, how­ly­nyň çä­gin­de ýe­ňil ýa­ny­jy su­wuk­lyk­la­ry hem-de ýa­ny­jy gaz­ly, kis­lo­rod­ly bal­lon­la­ry sak­la­mak, jaý­la­ryň, how­ly­nyň we gur­lu­şyk­la­ryň tö­we­rek­le­rin­de ot ýak­mak hem-de sön­dü­ril­me­dik köz­li kül­le­ri dök­mek ga­da­gan edil­ýär.
Ýy­la­dy­jy we gyz­dy­ry­jy en­jam­la­ry ulan­maz­dan öň, ola­ryň ojak­la­ry­nyň ýa­nyş ukyp­ly­ly­gy­ny bar­la­ma­ly we ola­ryň tüs­se­çy­kar­la­ry gu­rum­lar­dan aras­sa­lan­ma­ly.
Gaz bi­len iş­le­ýän ýy­la­dy­jy en­jam­lar ula­ny­lan­da gaz en­jam­la­ry­ny ýer­ze­min otag­la­ryn­da or­naş­dyr­mak, gur­na­lyş ul­gam­la­ry­ny üýt­get­mek, çal­şyr­mak, be­je­riş-abat­la­ýyş iş­le­ri­ni ge­çir­mek, de­giş­li eda­ra­lar bi­len yla­la­şyl­maz­dan ozal gaz en­jam­la­ry­nyň or­naş­dy­ry­lan ja­ýy­ny üýt­ge­dip gur­na­mak, gaz en­jam­la­ry­ny bo­zuk ýag­daý­da ulan­mak, gaz en­jam­la­ry iş­läp du­ran wag­tyn­da gö­zeg­çi­lik­siz gal­dyr­mak, gaz en­jam­la­ry­nyň ula­nyş düz­gün­le­ri­ni bil­me­ýän adam­la­ra gaz en­jam­la­ryn­dan peý­da­lan­ma­ga rug­sat ber­mek, ola­ry ni­ýet­len­me­dik mak­sat­lar üçin ulan­mak, ça­ga­la­ra ot bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýu­muş­la­ry bu­ýur­mak ga­da­gan edil­ýär.
Ýan­gy­nyň is­len­dik gör­nü­şi ýü­ze çy­kan­da ýa-da tüs­sä­niň ysy du­ýu­lan­da te­le­fon ar­ka­ly «01», el te­le­fo­nyn­dan «001» bel­gä jaň edip ha­bar ber­me­li. Öz güý­jü­ňiz bi­len, il­kin­ji ýan­gyn sön­dü­ri­ji se­riş­de­le­ri­niň ýa-da su­wuň, çä­gä­niň, gu­muň, ke­çä­niň, syk do­ka­lan ma­ta­nyň kö­me­gi bi­len ýü­ze çy­kan ýan­gy­ny sön­dür­mä­ge sy­na­nyş­ma­ly, ýan­gy­ny öz güý­jü­ňiz bi­len sön­dür­mek ba­şart­ma­sa, ha­ýal et­män öý­den çyk­ma­ly. Öý­den çy­ka­ny­ňyz­da ga­py­ny gulp­la­man, berk ýap­ma­ly, lif­ti ulan­ma­ly däl. Elekt­rik to­gu­ny we gaz ak­dy­ry­jy­sy­ny öçür­me­li. Ýan­gyn sön­dü­ri­ji to­pa­ry gar­şy­la­mak we ýan­gy­nyň dö­rän ýe­ri­ne iň amat­ly ýol bi­len alyp gel­mek üçin, bir ada­my ug­rat­ma­ly. Öý­den çyk­mak ba­şart­ma­sa, on­da eý­wa­na çy­kyp, onuň ga­py­sy­ny pug­ta ýa­pyp, her hi­li ýol­lar bi­len adam­la­ryň ün­sü­ni özü­ňi­ze çe­ker ýa­ly he­re­ket­ler et­me­li.
Elekt­rik to­gy bi­len iş­le­ýän en­jam­lar­da ýan­gyn dö­rän­de, ha­ýal et­män elekt­rik bi­rik­di­ri­ji­si­ni aýyr­ma­ly ýa-da umu­my elekt­rik to­gy­ny öçür­me­li we şon­dan soň dö­rän ýan­gy­ny sön­dür­mä­ge gi­riş­me­li. Gaz en­ja­my­nyň üs­tün­de du­ran ýag­ly ga­za­na ot dü­şen­de, gaz aky­my­ny öçür­me­li we go­laý­da bar bo­lan dür­li gör­nüş­dä­ki ma­ta­ny su­wa öl­läp, ga­za­nyň üs­tü­ne ýap­ma­ly.

Yh­las MI­RI­ÝEW,
Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Po­li­si­ýa mü­dir­li­gi­niň Ýan­gyn howp­suz­ly­gy bö­lü­mi­niň 100-nji har­by­laş­dy­ry­lan ýan­gyn howp­suz­lyk bö­lü­mi­niň döw­let ýan­gyn gö­zeg­çi­lik bö­lüm­çe­si­niň mü­di­ri-uly gö­zeg­çi­si, içer­ki gul­lu­gyň ka­pi­ta­ny.