Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň ähli durmuş gymmatlyklaryny özünde jemleýän gymmatly kitaplaryny, ykballara şan berýän, halkymyzy agzybirlige, parahatçylyga çagyrýan, terbiýeçiligiň beýik nusgasyny ündeýän owadan şygyrlaryny ildeşlerimiz uly höwes bilen okaýarlar. Çünki hormatly Prezidentimiziň eserlerini okanyňda, beýik şahsyýetleriň şöhratly taryhyna, akyldarlaryň ylmy eserlerine, kitaba bolan hormatynyň has uludygyna düşünmek bolýar. Bu eserleri okan her bir okyjynyň kalbyny Watana, ata-enä, milletine, perzende, dost-ýara bolan söýgi, geljegine bolan umyt duýgulary gurşap alýar.
Gahryman Arkadagymyz «Jan Watanym Türkmenistan!» atly täze şygrynda:
Döwürleriň, eýýamlaryň ol mukaddes gözelligi,
Ebedidir aýdym-sazyň, jan Watanym Türkmenistan!
– diýip, aýdym-sazy döwürleriň, eýýamlaryň mukaddes gözelligine deňeýär.
Milli Liderimiziň bu goşgusynda ýurdumyzyň ýeten belent derejesi, rowaçlyklara beslenýän menzilleri, ýüreklere ebedilik ornan mukaddeslikleri, türkmeni türkmen edýän kämil häsiýetleri çeperçilik bilen wasp edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň bu goşgusy «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şygary bolup ýaňlandy. Kalby Watana bolan çäksiz söýgä beslenen Gahryman Arkadagymyzyň goşgusyny okanyňda, Watanyňa, topragyňa, dogduk mekanyňa bolan çäksiz söýgiň has hem artýar. Ýaş nesillerde watansöýüjilik, gözellik duýgularyny oýarmakda bu ajaýyp şygryň ähmiýeti örän uludyr.
Öňe, öňe, diňe öňe! – biziň beýik şygarymyz,
Parahatçylyk ýolunda rüstemdir gül Diýarymyz,
Ynanyşmak şuglasydyr ol biziň ýürek nurymyz,
Sowulmazdyr bahar-ýazyň, jan Watanym Türkmenistan!
Şygryň bu bendinden hem görnüşi ýaly, milli Liderimiziň daşyna mäkäm jebisleşen halkymyz, «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen mukaddes şygar bilen parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy baýdak edinip ynamly öňe barýar. Olaryň her biriniň gursagynda nurana geljege bolan synmaz ynam, egsilmez hyjuw bar.
Kitaphana işgärleri bu goşgynyň manysyny ýaşlarymyza giňden düşündirýärler. Çünki goşgynyň süňňünden eriş-argaç bolup geçýän mukaddes watançylyk duýgusy ýaş nesillerimizde mähriban Watanymyza bolan çuňňur söýgini kemala getirmäge, ýaşlary hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli we parasatly syýasatynyň daşyna has pugta jebisleşdirmäge, şeýlelikde, olary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna laýyk şahsyýetler edip ýetişdirmäge giň mümkinçilikleri döreder.
Gurbangül Hojamyradowa,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň bölümçe müdiri.