Niagara şaglawugy Demirgazyk Amerikanyň gündogarynda, ABŞ bilen Kanadanyň serhediniň arasyndaky Niagara derýasynda ýerleşýär. Üç sany uly şaglawukdan ybarat bolup, «Atyň naly şaglawugy» olaryň iň ulusydyr. «Amerikan şaglawugy» we «Fata şaglawugy» bolsa olaryň iň kiçi iki şaglawuklarydyr. Niagara şaglawugyndan ýarym minutda 168 müň kubmetr suw akýar. Demirgazyk Amerikanyň iň uly şaglawugy hasaplanýan Niagara 10 müň ýyl mundan ozal Arktikada buzuň eremegi sebäpli döräpdir. Derýanyň töwereginde Nikola Tesla tarapyndan gurlan gidroelektrik stansiýasynda öndürilen elektrik energiýasy ABŞ-da we Kanadada sarp edilýär. Şaglawugyň töwereginde Niagara seýilgähi bolup, ol ýerde bu owadan uly şaglawugy we howada dörän älemgoşary synlamak bolýar. Şaglawugyň batly ses bilen guýýan ýerindäki howdana gaýykly gezelençler guralyp, hemişe köp adamly bolýar.