Ki­tap­lar açyk­ly­gy we dö­re­di­ji­li­gi ös­dür­ýär
Ka­na­da­nyň To­ron­to uni­wer­si­te­ti­niň bar­lag ge­çi­ri­ji­le­ri çeper eser­le­ri oka­ýan­la­ryň, yl­my ne­şir­le­ri oka­ýan­la­ra ga­ra­nyň­da, köp babatda has al­çak­dy­gy­ny ýüze çykardylar. Bi­ler­men­ler yl­my ne­şir­le­riň köp­le­re sa­pak­la­ryny çuň­ňur özleşdirmäge kö­mek et­se-de, duý­gur pi­kir ýö­ret­mä­ge hemişe müm­kin­çi­lik ber­me­ýän­di­gi­ni bel­le­di­ler.

Oka­ýan­lar uzak ýa­şa­ýar­lar
ABŞ-nyň Ýel uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry 50 ýaş­dan ýo­ka­ry 3 müň 635 adam bi­len söh­bet­deş­lik ge­çi­rip, şeý­le ne­ti­jä gel­di­ler. Her gün 30 mi­nut wag­ty­ny oka­ma­ga sarp edýän­ler, as­la oka­ma­ýan­lar­dan 2 ýyl uzak ýa­şa­ýar­lar. Hakykatda, oka­mak söz baý­ly­gy­ňy, ün­süňi we pi­kir­ ýöredişiňi go­wu­lan­dy­ryp, aň-dü­şün­jeli hereket etmek ukybyňy ös­dür­ýär. Netijede, ki­tap oka­mak re­him­dar­lyk, so­si­al­laş­mak we emo­sio­nal akyl ýa­ly me­ýil­le­riň kä­mil­leş­me­gi­ne se­bäp bo­lup, uzak ýa­şa­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Ýyl­da 50 ki­tap okaýarlar
Bi­ze hep­de­de bir ki­tap oka­mak kyn ýa­ly bo­lup gö­rün­se-de, bu dün­ýä­niň iň işe­wür adam­la­ry üçin bü­tin­leý bo­lup bil­jek zat. Ýa­zy­jy Ste­fa­ni Hýus­ton wag­t ýetmeýänligi ba­ra­da­ky pi­kir­le­riň di­ňe ýal­ta­ly­gy ak­la­maga sy­na­ny­şmak­dan baş­ga zat däl­di­gi­ni aýd­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ol ýyl­da 50 ki­tap oka­ma­gy mak­sat edi­nip, mu­nuň üçin wag­ty­ny tyg­şyt­lap, boş ýe­re wag­ty­ny ýi­tir­me­ýän­di­gi­ni gür­rüň ber­di. Bir­nä­çe aý­dan soň, Ste­fa­ni dur­mu­şy­nyň has ra­hat, ýa­kym­ly bo­lan­dy­gy­ny, uku­sy­ny oňat al­ýan­dy­gy­ny we köp zatlara akyl ýetirendigini belledi.

Üs­tün­lik ga­zan­ýan­la­ryň äh­li­si oka­ýar­lar
Olar he­mi­şe öz-özü­ni ös­dür­mek bi­len meş­gul­lan­ýan­dyk­la­ry üçin oka­ýar­lar. Ýüzlerçe adam öz­le­ri­niň üs­tün­lik ga­zan­ma­gyna kö­mek eden ki­tap­la­ry ba­ra­da ýaz­ýar­lar. Ola­ryň hem­me­si­niň di­ýen ýa­ly okan ki­tap­la­ry­nyň ara­syn­da Fil Naý­tyň «Aýak­gap sa­ty­jy­sy», Ben Ho­ro­wi­siň «Aň­sat düş­mez» we Jim Kol­lin­ziň «Go­wy­dan be­ýik­li­ge» ýa­ly ki­tap­lar bo­lup, bu eser­ler ola­ra üs­tün­lik ga­zan­ma­ga we bar­ha kä­mil­leş­ýän dün­ýä go­şant goş­ma­ga ýar­dam be­rip­dir.