Durmuşdaky ýeke-täk bagt, hemişe öňe ymtylmakdyr.
Emil Zolýa, fransuz ýazyjysy.
Üstünligiň 80 göterimi – bu zerur wagty gerekli ýeriňde häzir bolmakdyr.
Wudi Allen, amerikan ýazyjysy.
Ömür näçe ýyl ýaşanlygyň bilen däl-de, hakyky durmuşyň näçe ýyl bolanlygy bilen ölçenýär.
Awraam Linkoln, ABŞ-nyň ozalky Prezidenti.
Biz hakyky möhüm zatlar hakda gürleşmegimizi bes edenimizde durmuşymyz paýawlap ugraýar. Iň soňunda siz bäsdeşleriňiziň sözlerini däl-de, dostlaryňyzyň dymandygyny ýatlarsyňyz.
Martin Lýuter King, ABŞ-nyň jemgyýetçilik işgäri.
Her kim adamzady üýtgetmek isleýär, ýöne hiç kim özüni nädip üýtgetmelidigi hakda pikir etmeýär.
Lew Tolstoý, rus ýazyjysy.
Maksadyň aýdyňlygy ähli üstünlikleriň gözbaşydyr.
Wilýam Klement Stoun, amerikan işewüri.
Seniň haýal ýöreýänligiň onçakly möhüm däl-de, säginmän has uzaga gitmegiň möhümdir.
Konfusiý, hytaý akyldary.
Ýatda saklaň, hiç kim siziň razyçylygyňyz bolmasa sizi kemsidilen ýaly duýmaga mejbur edip bilmez.
Eleonora Ruzwelt, ABŞ-nyň jemgyýetçilik işgäri.
Hiç haçan ýykylmazlyk durmuşdaky iň uly üstünlik däl. Iň esasy zat her gezek ýykylaňda turup başarmak.
Nelson Mandela, GAR-yň ilkinji Prezidenti.
Bu dünýä peýda getirmek – bagtly bolmagyň ýeke-täk usulydyr.
Gans Hristian Andersen, daniýaly ýazyjy.
Biz bu dünýä goşant goşmak üçin geldik. Eýsem, näme üçin biz bu ýerde?
Stiw Jobs, amerikan işewüri.
Üstünlik, ruhdan düşmän, şowsuzlykdan şowsuzlyga geçip başarmak ukybydyr.
Uinston Çerçill, britan döwlet işgäri.
Göwher laýa gaçsa-da, göwherligine galar. Çaň asmana göterilse-de çaňlygyna galar.
Muslih ad-Din Saadi, pars şahyry.
Biziň höweslerimiz kaknus guşy ýalydyr. Bir höwesimiz köýende, beýlekisi külüň içinden galkyp çykýar.
Gýote, nemes ýazyjysy.