Eýranyň häzirki senenamasynyň 10 aýy üçin (2021-nji ýylyň 21-nji martynda başlandy) Eýrandan Merkezi Aziýa ýurtlaryna Sarahs demir ýol serhedinden eksport edilýän önümleriň mukdary 73% ýokarlandy. Bu barada Horasan demir ýolunyň baş müdiri Mostafa Naseri aýtdy.

-Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Sarahs demirýol serhedi arkaly Eýrandan Merkezi Aziýa ýurtlaryna eksport edilýän önümleriň mukdary 73% ýokarlandy – diýip Naseri belledi.

Ol hasabat döwründe Sarahs demir ýol serhedinden Merkezi Aziýa ýurtlaryna iberilýän eksport ýükleriniň mukdarynyň 925 müň tonna (14 müň 700-den gowrak ýük awtoulagyna) ýetendigini aýtdy.

Sarahs demir ýol geçelgesinden Merkezi Aziýa eksport edilýän önümleriň arasynda sement 32% görkezijisi bilen öňdäki orny eýeleýär.

Eksport edilýän önümleriň iň köp mukdary, degişlilikde, 41% we 37% bilen Özbegistanyň we Türkmenistanyň paýyna  düşýär. Bu görkeziji üç dostlukly ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň barha ösýändigine şaýatlyk edýär.