Ýylyň aýagyna Katarda geçiriljek 22-nji Dünýä Kubogyna gatnaşjak toparlaryň ýene biri belli boldy. Saýlama tapgyrynyň Aziýa zolagynda Eýranyň ýygyndysy Azadi stadionynda Yragy kabul edip, 1-0 hasabynda ýeňmegi başardy. Ýeke-täk goly 48-nji minutda Mehdi Taremi öz adyna ýazdyrdy. Şeýlelikde, 3-nji tapgyryň “A” toparçasynda duşuşyklaryň tamamlanmagyna 3 aýlaw galanda, Eýranyň ýygyndysy Katar 2022-niň wekili bolmagy başardy. Eýranyň ýygyndysy 1978-nji, 1998-nji, 2006-njy, 2014-nji we 2018-nji ýyllardan soň 6-njy gezek Dünýä Kubogynda çykyş eder. Fewral aýynyň ilkinji günlerinde oýnaljak nobatdaky tapgyrdan soň Günorta Koreýanyň ýygyndysynyň hem Katar 2022-ä ýollanma almagyna garaşylýar. Olara bir utuk ýeterlik.

“A” toparçada oýnalan duşuşyklaryň netijeleri:

Liwan – Günorta Koreýa: 0-1, Eýran – Yrak: 1-0, BAE – Siriýa: 2-0