27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aleksandr Blohiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň DIM-leriniň derejesinde syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmeginiň maksadalaýykdygy bellenildi.
Şeýle hem hökümetara gepleşikleriniň yzygiderli guralmagynyň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.
Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.