“Apple” kompaniýasy geçen ýylyň oktýabr-dekabr aýlarynda girdejisini 11 göterim artdyryp, 123,9 milliard dollara ýetirdi. Kompaniýa 25-nji dekabrda tamamlanan üçin aýlyk döwri 2022-nji maliýe ýylynyň birinji çärýegi hasaplanýar. Kompaniýa 2020-nji ýylyň degişli döwründe 111,4 milliard dollar girdeji gazanypdy. Amerikan brendiniň arassa peýdasy hem degişli döwürde 20 göterim artyp, 34,6 milliard dollara ýetdi. Ozalky ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 28,8 milliard dollar bolan eken.
Kompaniýanyň her bir paýnamasyndan alan peýdasy bu döwürde 1,68 dollardan 2,10 dollara ýetdi.
Geçen ýylyň soňky çärýeginde “Apple”-iň smartfon we kompýuter satuwy ýokarlandy, planşet satuwy azaldy. Kompaniýa “iPhone” satuwyndan 71,6 milliard dollar girdeji gazanypdyr.
Bu döwürde “Mac” kompýuterleriniň satuwy 25 göterim artyp, 10,9 milliard dollarlyk girdeji getiripdir. “iPad” satuwy bolsa, 14 göterim azalyp, bu satuwda 7,3 milliard dollar girdeji alnypdyr.