Golaýda Katar 2022-ä Afrikadan wekilçilik etjek 5 ýygyndyny kesgitleýän 3-nji saýlama tapgyrynyň bijeleri çekildi. 10 ýygyndynyň arasynda bije çekilip, 2 oýundan ybarat utulan-çykdy tapgyrynyň netijesinde 5 ýygyndy Katardaky çempionata gatnaşmaga hukuk gazanar. Bijä laýyklykda yklymyň iki güýçli ýygyndysy Müsür bilen Senegal bije çekişdi. Bu bolsa Liwerpulyň iki ýyldyzynyň, ýagny Mohamed Salah ýa-da Sadio Maneniň haýsy hem bolsa biriniň Dünýä Kubogyna gatnaşmajakdygyny aňladýar. Şeýle-de Kamerun bilen Alžir, Gana bilen Nigeriýa duşuşar. Ozal bir gezek gatnaşan Kongo DR bilen  Marokkonyň hem-de ilkinji gezek gatnaşmaga dyrjaşýan Maliniň ýygyndysy Tunisiň ýygyndysy bilen özara güýç synanyşar. Birinji duşuşyklar 24-26-njy martda, jogap oýunlary bolsa 27-29-njy martda geçiriler.