“Toyota” kompaniýasy geçen ýyl 10,5 million ulag satyp, bu ugurdaky birinjiligini dowam etdirdi. “Toyota Motor Co”-nyň awtoulag satuwy ozalky ýyldakydan 10,1 göterim köpelipdir. Köp ýyldan bäri awtoulag önümçiliginde “Toyota” bilen başa-baş gidýän “Volkswagen” geçen ýyl 8,9 million ulag ýerläpdir. Netijede nemes brendiniň satuwy 5 göterim pese gaçyp,  soňky 10 ýyldaky iň pes görkeziji hasaba alnypdyr. Geçen ýyl awtoulag önümçiliginiň pese gaçmagyna ýarymgeçirijileriň ýetmezçilik etmeginiň täsiri uly bolupdy.

Gülşirin Bäşimowa,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.