“Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň gaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de türkmen tebigy gazynyň çykarylyşyny we daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine “Türkmengaz” döwlet konserniniň enjamlar we serişdeler bilen üpjün etmek hem-de elin hyzmatlary ýerine ýetirmek barada şertnamalary baglaşmagy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 527-nji Kararyna laýyklykda, Hytaý Halk Respublikasynyň “CNPC Chuanqing Drilling Engineering Company Limited” kompaniýasy bilen baglaşan degişli şertnamalaryna, olaryň bahalaryny maliýeleşdirmek barada goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi.