Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli mirasymyzy öwrenmek hem-de wagyz etmek, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli, türkmen halkynyň baý geçmiş mirasyny, dutarda ýerine ýetirijilik we bagşyçylyk sungatyny geljekki nesillere ýetirmek, dünýä ýaýmak, şeýle hem zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” bäsleşigi yglan edildi we ony 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlemek bellenildi.
Medeniýet ministrligine bäsleşigiň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Bäsleşigiň ýeňijilerini Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglamak bellenildi.