Tennis boýunça möwsümiň birinji Uly tuwulga ýaryşy Awstraliýa Açykda zenanlaryň arasynda çempion belli boldy. Çekeleşikli geçen finalda awstraliýaly Eşli Barti amerikaly Danielle Kollinsi 6:3 we 7:6 hasaplar bilen ýeňip, Awstraliýa Açykdaky ilkinji, umumylykda-da 3-nji Uly tuwulga çempionlygyny gazandy. Bu 25 ýaşly tennisçiniň karýerasyndaky WTA ýaryşlaryndaky 15-nji kubogy bolup, ol Awstraliýa Açykda 44 ýyldan soň çempionlyk gazanan ilkinji ýerli tennisçi hökmünde hasaba alyndy. 110-njy gezek geçirilen Awstraliýa Açykda soňky gezek 1978-nji ýylda awstraliýaly zenan tennisçi Kris O’Neil çempionlyk gazanypdy.