Salah Müsüriň ýygyndysyny ýarym finala çykardy

50

Kamerunda dowam edýän Afrika Milletler Kubogynda ýarym finalçylar belli boldy. Çärýek finalyň iň esasy duşuşygynda Müsür bilen Marokkonyň ýygyndylary duşuşdylar. Çekeleşikli geçen oýnuň ýeňijisi goşmaça wagtda belli bolup, müsürliler 2-1 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Duşuşygyň 7-nji minutynda Marokkonyň ýygyndysy Sofiana Bufalyň penaltiden geçiren goly esasynda 1-0 öňe saýlandy. 2-nji ýarymda, has takygy, 53-nji minutda Mohamed Salah hasaby deňledi. Esasy wagty 1-1 gutaran oýnuň 100-nji minutynda Salahyň pasyndan soň Trezege Müsüriň ýygyndysyny öňe çykardy. Bu duşuşykda soňky gol bolup, marokkolylaryň hasaby deňlemek üçin eden tagallalary netije bermedi. Şeýlelikde, Müsüriň ýygyndysy 16-njy gezek ýarym finala çykdy.

Çärýek finalyň beýleki oýunlarynda-da ýer eýeleri Kamerun Toko Ekambiniň gollary bilen Gambiýany 2-0 ýeňdi. Senegalyň ýygyndysy Ekwator Gwineýasyny 3-1 hasabynda utdy. Tapgyryň garaşylmadyk netijesinde-de Burkino Faso Tunisi 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, 4-nji gezek ýarym finalda oýnamaga hukuk gazandy.

Ýarym finalda  Kamerun bilen Müsüriň, Burkino Faso bilenem Senegalyň ýygyndylary duşuşarlar. Ýarym final duşuşyklary 2–3-nji fewralda oýnalar.