Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde galamgärler Öwezmyrat Berdimyradow we Atamyrat Şagulyýewiň “Gyzyl kürte” atly hekaýasyna esaslanyp “Gyzyl kürte” atly çeper-publisistik film önümçilige goýberildi.
Filmiň wakasy Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda bolup geçýär. Filmiň baş gahrymany Meretliniň Göwher bilen tutmaly bagt toýuna bir hepde galanda Ýerbent obasyndan toýa gerek bolan zatlary almak üçin şähere gaýdýar. Emma ol bu ýerde uruş turanlygy baradaky habary eşidip, harby komissariýata baryp, meýletin Watan goragyna gidýär.
Toý tutulyp, gelin gelýär emma Meretli ýok. Indi oňa oba adamlary Göwher gelin diýip ýüzlenýärler. Ol gyzyl kürtesini diňe gije ýatjak bolanda aýyrýar. Wagt onuň saçyny ak sepeleýär, bilini bükýär emma şonda-da Göwher gelin başyndan gyzyl kürtesi düşürmeýär. Tejen ilinden Ýerbent obasyna gelin bolup düşen Göwher Meretliniň entek birje gezegem ýüzünem görmändi. Indi ol halys tapdan düşýär. Ol asmanda pel-pelläp uçup ýören durnalardan özüne dalda isläp başlaýar. Şol durnalary görende Meretlini gören ýaly bolýar.
Filmi zehinli kino işgäri hem kinorežissýor Sahysalyh Baýramow surata düşürýär. Filmde Göwheriň keşbini aktrisa Aýna Jumaýewa, Göwheriň ýüwürjisiniň keşbini Ibraýym Baýramow, oba hat gatnadyjysy Anna agaň keşbini Magtymguly adyndaky ýaşlar baýragynyň eýesi artist Öwezgylyç Şarlyýew dagy janlandyrýarlar.
Bu filmiň häzirki ýaşlarymyz üçin terbiýeçilik ähmiýeti güýçlüdir. Watanyňa wepaly bolmak, mertlik, gaýduwsyzlyk, birek-birege, il günüňe Watanyňa bolan söýgi filmiň özenini tutýar.
Filmdäki wakalar artistlerimiz tarapyndan çeper beýan edilýär. Filmi dörediji topar surata düşüriş işlerini Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda, Nohur obasynda, Gökdepe etrabynyň Nedir obasynyň, Bokurdak obalarynda surata düşürmegi meýilleşdirýär. Filmiň goýujy suratkeşi Şadurdy Alowow, egin-eşik suratkeşi Arslan Hojammaýew, kinorežissýor Öwezgylyç Şarlyýew, režissýoryň assistenti Nurgeldi Mämiliýew, goýujy kinooperatory Maksat Hojabaýew, gurnaýjy Lýubow Konkina dagylar filmi maý aýynda mawy ekran arkaly tomaşaçylar köpçülige ýetirmegi maksat edinýärler.
Galamgär Akmyrat Hojaberdiýew