Katarda geçiriljek futbol boýunça 22-nji Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyry 3 yklymda dowam edýär. Demirgazyk we Merkezi Amerika hem-de Karibler zolagynda (KONKAKAF) Kanadanyň ýygyndysy ýeňlişsiz ýörişini dowam etdirip, olar 10-njy tapgyrda ABŞ-nyň ýygyndysyny 2-0 hasabynda ýeňdi. Oýunda Kaýl Larin (7) hem-de Samuel Adekugbe (90+5) tapawutlandy. Bu ýeňişden soň utugyny 22-ä çykaran Kanadanyň ýygyndysy Katar 2022-ä gatnaşmak ugrunda uly mümkinçilik gazandy. Duşuşykda bir gezek tapawutlanan Kaýl Larin milli ýygyndydaky 23-nji goluny geçirip, Kanadanyň iň netijeli hüjümçisi boldy. Bu ugurda ozalky rekord Dweýn de Rosario degişli bolup, ol 22 gol geçiripdi.