31-nji ýanwarda geçirlen sanly ulgam arkaly iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň esasy düzümleri, hususan-da, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet baradaky ýöriteleşdirilen edarasy — ÝUNESKO bilen gatnaşyklary ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.
ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň 2021-nji ýylyň 13 — 18-nji dekabry aralygynda Pariž şäherinde geçirilen 16-njy mejlisiniň dowamynda dutar ýasamak senetçiligini hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny bu sanawa girizmek barada çözgüt biragyzdan kabul edildi.
Habar berlişi ýaly, şu ýylyň 30-njy ýanwarynda ÝUNESKO-dan degişli güwänamanyň asyl nusgasy gelip gowuşdy.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimizi bu uly daşary syýasy ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasyny gorap saklamak, köpeltmek hem-de dünýäde giňden wagyz etmek ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerinde täze uly üstünlikleri arzuw etdi.
Milli Liderimiz şatlykly habary kanagatlanma bilen kabul edip, iş maslahatyna gatnaşyjylary we ähli türkmen halkyny bu ajaýyp waka bilen tüýs ýürekden gutlady.
Milli Liderimiz wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa ahalteke atlaryny seýislemek sungatyny, türkmen alabaý itlerini köpeltmegiň milli aýratynlyklaryny hem-de türkmeniň keşdeçilik sungatyny ÝUNESKO-nyň sanawyna girizmek boýunça işleri dowam etmek barada görkezme berdi.