Gysga wagtda meşhurlyk gazanan “Wordle” oýnuny “The New York Times” neşirini çykarýan kompaniýa satyn aldy.  Kompaniýa bu oýnuň bahasynyň ýedi belgili kiçiräk mukdardygyny aýtdy. Kompaniýa oýny gönüden-göni ony döreden adamyň özünden satyn alypdyr. Geçen ýylyň oktýabrynda ýaýradylan “Wordle”-yň häzirki wagtda her günde millionlarça ulanyjysynyň bardygy mälim edildi. Kompaniýa oýnuň tölegsiz boljakdygyny we hiç hili üýtgeşme girizilmejekdigini belledi. Oýun neşiriň oýun platformasyna goşular. Kompaniýa öz elektron kitaphanasynyň abunaçylarynyň sanyny 2025-nji ýyla çenli 10 milliona ýetirmegi maksat edinýär. Kompaniýa golaýda “The Athletic” atly sport habarlary saýtyny satyn alypdy. Bu saýtyň 1,2 million ulanyjysy bar. Täze satyn alnan oýun bolsa neşiriň abunaçylarynyň sanyny bir million artdyrdy.

Aýsenem Nepesowa,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.