G20 ýurtlary howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy göreşmek üçin 2050-nji ýyla çenli ýylda 285 milliard dollar maýa goýmaly. Bu barada BMG-nyň daşky gurşaw maksatnamasynyň (ÝUNEP) täze hasabatynda aýdylýar.
Biodürlüligiň ýitmeginiň we ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak üçin 2050-nji ýyla çenli halkara jemgyýetçiligi tebigaty goramak üçin 4,1 trillion dollarlyk maliýe boşlugyny ýapmaly bolar. Bu barada tebigaty gorap saklamak boýunça taslamalary maliýeleşdirmek baradaky hasabatyň awtorlary aýdýarlar. Bu tebigaty goraýyş baradaky çözgütlere global maýa goýumlaryň 2030-njy ýyla çenli üç esse, 2050-nji ýyla çenli bolsa, dört esse artdyrylmadygyny aňladýar.
Şunuň bilen birlikde, täze hasabata laýyklykda, 2020-nji ýylda tebigaty goramak boýunça tagallalar üçin G20-niň maýa goýumlary global maliýeleşdirmegiň 92 göterimini emele getirdi. Şeýle-de bolsa, bu serişdeleriň uly bölegi – 87 göterimi ýa-da 105 milliard dollar – ösen ýurtlaryň içinde paýlandy we paýlanmagyny dowam etdirip, milli maksatnamalara gönükdirilýär. Şu günki günde «Uly ýigrimiligiň» tebigaty goramak boýunça taslamalary durmuşa geçirmek üçin niýetlenen maýa goýumlarynyň diňe iki göterimi yza galak ýurtlary ösdürmek üçin kömek hökmünde gönükdirilýär.
ÝUNEP-iň hünärmenleri, 2050-nji ýyla çenli biodürlüligi, ýerleri dikeltmek we howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijeleri bilen göreş baradaky ähli ylalaşylan maksatlara ýetmek üçin tebigaty goramak çözgütlerine G20-iň ýyllyk maýa goýumlarynyň, azyndan, 140 göterime çenli ýokarlanmalydygyny tassyklaýarlar.
– Hususy maliýeleşdirmegi ýokarlandyrmak üçin hökümetler tebigaty goramagyň maýa goýum özüne çekijiligini ýokarlandyrmalydyrlar – diýip, ÝUNEP-iň klimat bölüminiň başlygy Iwo Mulder aýtdy.