Katarda geçiriljek 22-nji Dünýä Kubogyna gatnaşjak toparlaryň ýene biri belli boldy. Aziýanyň zolagynyň 3-nji saýlama tapgyrynyň “A” toparçasynda çykyş edýän Günorta Koreýanyň ýygyndysy Katardaky çempionatda gatnaşjak 15-nji ýygyndy hökmünde hasaba alyndy. Koreýler myhmançylykda Siriýanyň ýygyndysyny Žin-su Kimiň hem-de Çan-hun Kwonuň gollary bilen 2-0 ýeňip, Eýrandan soň Katar 2022-ä ýollanma alan 2-nji Aziýa wekili boldy. Günorta Koreýanyň ýygyndysy 11-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşyp, olar mundan ozal ilkinji gezek 1954-nji ýylda wekilçilik edipdiler. 1986-njy ýyldan bäri bolsa, ýagny 10 gezekden bäri-de Dünýä Kubogynda çykyş edip gelýärler.

Toparçadaky beýleki oýunlarda Eýranyň ýygyndysy Mehdi Tareminiň goly bilen BAE-ni 1-0 ýeňdi. Liwan bilen Yragyň arasyndaky oýunda-da ýeňiş gazanan bolmady.