“Türkmenawtoulaglary” agentligi Aşgabat ýolagçy awtoulag kärhanasy bilen bilelikde Aşgabadyň ýaşaýjylaryna paýtagtyň jemgyýetçilik ulaglarynyň hereketi we ähli awtobus duralgalarynyň ýerleşýän ýeri barada maglumat almak üçin döredilen täze “Duralga” ykjam goşundysyny hödürleýär. Ykjam goşundy häzirki wagtda Android operasion ulgamyna ýükläp almak üçin elýeterdir.
“Duralga” programmasy GPS tehnologiýasy arkaly şäheriçi jemgyýetçilik awtobuslarynyň hereketini onlaýn yzarlaýar, şonuň netijesinde bolsa ulanyjy Aşgabadyň islendik ýerindäki awtobusyň hereketi barada maglumat alyp biler.
“Duralga” ykjam goşundysynyň ýerine ýetirýän wezipelerine islendik duralgada başlangyç we ahyrky nokady görkezmek bilen zerur bolan ugry tapmak, jemgyýetçilik ulagynyň duralgasyny gözlemek, gerek bolan awtobusy we onuň häzirki ýerleşýän ýerini anyklamak, şeýle hem ugurlaryň interaktiw kartasy ýaly aýratynlyklar degişlidir.
Ykjam goşundy awtobus ugurlarynyň üýtgemegini hemişe yzarlap durýar we ulanyjylary bu barada degişli habarlar hem-de bildirişler bilen yzygiderli habarly edýär. Geljekde ýolagçylara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen “Duralga” ykjam goşundysynyň mümkinçiliklerini has-da giňeltmek meýilleşdirilýär.