Katar 2022 Dünýä Kubogynyň Aziýa zolagynyň “B” toparçasynda 3 ýygyndynyň arasynda ýiti göreş dowam edip, olaryň mundan soňky özara geçirjek duşuşyklary gönümel gatnaşjak 2 ýygyndyny kesgitlär. Saud Arabystanynyň ýygyndysy ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Olar myhmançylykda Ýaponiýadan 2-0 asgyn geldi. Ýaponlara ýeňiş getiren gollary Minamino hem-de Ito geçirdi. Ýöne muňa garamazdan araplar toparçada 19 utuk bilen birinji orunda barýarlar.

Iki gezek öňe saýlanan Awstraliýanyň ýygyndysy myhmançylykda Oman bilen 2-2 deňme-deň oýnap, öňdäki 2 orna düşmek ugrunda uly ýitgä sezewar boldy. Awstraliýanyň ýygyndysy ilki Maklareniň (15 p), soňra-da Mooýuň (79) gollary bilen 2 gezek öňe geçse-de, her gezeginde-de Fawaz (54, 89 p) hasaby deňlemegi başardy. Bu deňlikden soň Awstraliýanyň ýygyndysy araplardan 4, ýaponlardan 3 utuk yz galdy. Muňa garamazdan, matematik hasap boýunça olaryň 1-nji orna çykmak mümkinçiligi azda-kände bar. Ýöne 1-nji orna-da, 2-nji orna-da çykmak doly ýagdaýda Awstraliýanyň ýygyndysyna bagly däl. Awstraliýanyň ýygyndysynyň galan 2 duşuşygy – ilki 24-nji martda Ýaponiýa bilen, soňra 29-njy martda myhmançylykda Saud Arabystany bilen bolar. Olar iki oýunda ýeňiş gazanan ýagdaýynda garşydaşlarynyň beýleki duşuşyklarda aljak netijesi olaryň toparçadaky ornuny kesgitlär. Awstraliýa toparçada 3-nji orny eýelese, onda olar “A” toparçanyň üçünjisi bilen tomusda pleý-off oýnuny oýnar.

Şeýle-de, Wýetnam Hytaýy 3-1 ýeňip, ilkinji ýeňşini gazandy.

Mundan öňki tapgyrda Saud Arabystany Omany 1-0, Ýaponiýa Hytaýy 2-0, Awstraliýa Wýetnamy 4-0 ýeňipdi.