Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de ata Wa­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan sy­ýa­sat­da, yk­dy­sa­dy­ýet­de, me­de­ni­ýet­de, halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da gör­lüp-eşi­dil­me­dik üs­tün­lik­le­ri ga­za­nyp, hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň deň­hu­kuk­ly ag­za­sy­na öw­rül­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ata Wa­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan bu gün hal­ka­ra bäh­bit­li baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýän ýurt hök­mün­de bü­tin dün­ýä­de ta­nal­ýar. Ga­raş­syz döw­le­ti­miz­de Tä­ze Gal­ky­nyş we be­ýik öz­gert­me­ler za­ma­nyn­da hem-de Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de giň ge­rim­li dur­muş, sy­ýa­sy we yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Sy­ýa­sy taý­dan dur­nuk­ly we ag­zy­bir jem­gy­ýe­ti­miz­de mäh­ri­ban hal­ky­myz öz bel­län mak­sat­la­ry­ny ynam­ly ama­la aşy­ryp, dur­nuk­ly sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we dur­muş taý­dan ösü­şi ga­zan­ýar. Halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da ga­za­nyl­ýan aja­ýyp üs­tün­lik­ler hal­ky­my­zy ýag­ty gel­je­gi­ne ta­rap ynam­ly öňe alyp bar­ýar.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen döwleti dolandyrmak meselesinde ata-babalarymyzyň ýoluny kämilleşdirip, Türkmenistanyň Halk Maslahaty görnüşindäki döwlet dolandyryş demokratiýasynyň döredilmegi döwleti dolandyryş ulgamynda müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan milli demokratiýamyzyň bütin aýdyňlygy bilen täze röwüşde ýüze çykmasydyr. Halk Maslahaty halkyň erk-islegini ýokary häkimiýet edaralaryna ýetirmegiň açyk hem-de aýdyň ýoludyr. Halk häkimiýetiniň ajaýyp nusgasy bolan Halk Maslahatynyň geçirilmeginiň ýola goýulmagy, «Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň kabul edilmegi, merdana halkymyzyň ata-baba dowam edip gelýän halk bilen geňeşip, gurmak, döretmek we ösdürmek däbimiziň häzirki zaman tejribesini has-da baýlaşdyrdy. Türkmenistanyň Halk Maslahaty, onuň düzümi, gurluşy, emele getirilişi, kabul edýän kararlary, olaryň ýerine ýetirilişi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy dur­mu­şyn­da örän äh­mi­ýet­li bo­lan Halk Mas­la­ha­ty­nyň gün ter­ti­bi­ne ata Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň yg­ty­bar­ly esa­sy­ny goý­jak oňyn öz­gert­me­le­ri yzy­gi­der­li ama­la aşyr­ma­gyň ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­ri­niň gi­ri­zil­me­gi hal­ky­myz­da ka­na­gat­lan­ma duý­gu­sy­ny dö­red­ýär. Döw­le­ti­mi­ziň halk hä­ki­mi­ýet­li­li­gi­niň ga­dym­dan göz­baş al­ýan däp­le­ri­ne, saý­la­nyp al­nan pa­ra­hat­çy­lyk we dö­re­di­ji­lik ýo­lu­na yg­rar­ly­ly­gy­ny özün­de jem­le­ýän Baş Ka­nu­ny­my­za la­ýyk­lyk­da, umu­my­lyk­da yk­rar edi­len de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­riň esa­syn­da, üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň 11-nji few­ra­lyn­da Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­dan da­şa­ry ta­ry­hy mej­li­si­niň ge­çi­ril­me­gi dö­wür­le­riň we ne­sil­le­riň ara­bag­la­ny­şy­gy­nyň üz­nük­siz­di­gi­niň su­but­na­ma­sy­na öw­rü­ler. Çün­ki Gahryman Arkadagymyzyň tek­li­bi bi­len few­ral aýyn­da ge­çi­ril­jek Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­dan da­şa­ry mej­li­sin­de ta­ry­hyň gat­la­ry­na si­ňen 2021-nji ýyl­da al­nyp bar­lan iş­le­riň jem­le­ri jem­le­nip, şu ýyl üçin we­zi­pe­ler kes­git­le­ner, gel­jek 30 ýyl­da ýur­du­my­zy ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar we ka­bul edi­ler. Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­dan da­şa­ry mej­li­sin­de ka­bul edil­jek 2022-2052-nji ýyl­lar­da ýur­du­my­zy ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy döw­le­ti­mi­ziň äh­li­ta­rap­la­ýyn ösüş­le­ri­ni, ne­sil­le­riň bag­ty­ýar ýa­şaý­şy­ny, nu­ra­na gel­je­gi­ni üp­jün eder. Bu mak­sat­na­ma­nyň äh­mi­ýe­ti dog­ru­syn­da hormatly Prezidentimiz 7-nji ýan­war­da san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň tä­ze ýyl­da ge­çi­ri­len il­kin­ji mej­li­sin­de «Biz döw­le­ti­mi­ziň yk­ba­ly, ne­sil­le­ri­mi­ziň gel­je­gi üçin uly jo­gap­kär­çi­lik çek­ýä­ris. Şo­ňa gö­rä-de, in­di bi­ziň öňü­miz­de şeý­le uly we­zi­pe dur­ýar: biz döw­le­ti­mi­zi we onuň ins­ti­tut­la­ry­ny gel­jek 30 ýyl­da ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry­ny kes­git­le­me­li­di­ris hem-de düz­me­li­di­ris» di­ýip bel­le­di.
Döw­le­ti­mi­zi gel­jek 30 ýyl­da ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry­ny kes­git­le­jek 30 ýyl­lyk mak­sat­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» şy­ga­ry as­tyn­da baş­la­nan 2022-nji ýy­lyň sy­ýa­sy-ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti­ni has-da art­dy­rar.
Hä­zir­ki za­man dün­ýä­sin­de bo­lup geç­ýän öz­gert­me­le­ri we dün­ýä­niň ösen döw­let­le­rin­de top­la­nan sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy tej­ri­be­le­riň mil­li tej­ri­bä­miz we mil­li bäh­bit­le­ri­miz bi­len ut­gaş­dy­ry­lyp ka­bul edil­jek bu mak­sat­na­ma asyl­ly mak­sat­la­ra gö­nük­di­ri­len­dir. Has ta­ky­gy, hormatly Prezidentimiz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nan bi­lim­le­re we in­no­wa­si­ýa­la­ra da­ýan­ýan, yk­dy­sa­dy, dur­muş we eko­lo­gi­ýa taý­dan amat­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry özün­de jem­le­ýän, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ýyn we eýe­çi­lik gör­nüş­le­ri ba­ba­tyn­da di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dy­ryl­ma­gy­ny üp­jün ed­ýän, ila­tyň in­tel­lek­tu­al we dur­muş şert­le­ri­ni yg­ty­bar­ly dün­ýä de­re­je­le­ri­ne ýe­tir­ýän ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti öz­gert­me­le­ri­niň dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ma­gy­ny do­wam et­dir­mek bu mak­sat­na­ma­nyň esa­sy mak­sa­dy­dyr.
Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­dan da­şa­ry mej­li­sin­de ka­bul edil­jek 2022-2052-nji ýyl­lar­da ýur­du­my­zy ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da halk ho­ja­ly­gy­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni hem­me­ta­rap­la­ýyn ýo­kar­lan­dyr­mak ýur­du­my­zyň içer­ki ba­zar­la­ryn­da uly is­leg­den peý­da­lan­ýan we dün­ýä ba­za­ryn­da bäs­le­şi­ge ukyp­ly önüm­çi­li­gi döw­re­bap ös­dür­mek, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ry­ny de­ňe­çer ös­dür­mek, ola­ry çig mal­lyk mak­sat­lar­dan taý­ýar önüm ön­dür­mä­ge ug­ruk­dyr­mak, se­na­gat­da we oba ho­ja­ly­gyn­da gaý­ta­dan iş­le­ýän önüm­çi­lik­le­ri ös­dür­mek, trans­mil­li ulag ara­gat­na­şyk­la­ry­ny, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň er­kin te­le­ke­çi­lik zo­lak­la­ry­ny, hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­lyk zo­lak­la­ry­ny dö­ret­mek ar­ka­ly ýur­duň amat­ly geo­sy­ýa­sy ýag­da­ýy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni dün­ýä­niň ho­ja­lyk gat­na­şyk­la­ry­na iş­jeň goş­mak mak­sat edi­nil­ýär. Öň­de goý­lan be­lent mak­sa­da ýet­mek bo­ýun­ça di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak we dü­züm taý­dan üýt­ge­dip gur­mak, in­dust­ri­al-in­no­wa­si­on taý­dan ös­dür­mek esa­syn­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti döw­re­bap­laş­dyr­mak, te­bi­gy baý­lyk­la­ry re­je­li peý­da­lan­mak, se­na­gat we oba ho­ja­lyk önüm­çi­li­gi­ni in­ten­siw ös­dür­mek, gaý­ra­go­ýul­ma­syz dur­muş me­se­le­le­ri­ni çöz­mek ar­ka­ly ýur­duň se­bit­le­ri­ni dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan bir­sy­dyr­gyn ös­dür­mek, halk ho­ja­ly­gy­ny do­lan­dyr­ma­gyň tu­tuş­la­ýyn, çe­ýe we ne­ti­je­li ul­ga­my­ny dö­ret­mek, pul-karz, sal­gyt-býu­jet we nyrh­lar sy­ýa­sa­ty­ny kä­mil­leş­dir­mek, mil­li pu­ly pug­ta­lan­dyr­mak, yk­dy­sa­dy­ýe­ti ma­li­ýe taý­dan sag­dyn­laş­dyr­mak ýa­ly esa­sy ugur­lar bo­ýun­ça iş­ler ama­la aşy­ry­lar.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýan dur­nuk­ly ösüş stra­te­gi­ýa­sy­nyň mak­sat­na­ma­la­ýyn esas­da ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny buý­sanç bi­len nyg­ta­ma­ly­dyrys. Hormatly Prezidentimiziň ba­dal­ga be­ren yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­ri «Türk­me­nis­ta­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň 2011-2030-njy ýyl­lar üçin Mil­li Mak­sat­na­ma­sy», «Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň ýur­du­my­zy 2019-2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy» esa­syn­da dur­mu­şa or­naş­dy­ry­lyp, top­lum­la­ýyn we kö­pu­gur­ly hä­si­ýe­te eýe­di­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ýe­ri ge­len­de, ýur­du­myz­da «Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2020-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin re­je­le­nen gör­nüş­dä­ki Mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň», «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2012-2016-njy ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň», şeý­le hem we­la­ýat­la­ry 2012-2016-njy ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Me­ýil­na­ma­la­ry­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa or­naş­dy­ry­lan­dy­gy­ny buý­sanç bi­len bel­le­me­li­di­ris.
Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­dan da­şa­ry mej­li­si­niň il-ýurt bäh­bit­le­ri­ne gö­nük­di­ri­len ta­ry­hy Ka­rar­la­ry hal­ky­my­zyň gel­je­gi­niň aý­dyň hem-de nu­ra­na, er­te­le­ri­niň ýag­ty hem-de eş­ret­li bol­ja­gy­na yna­my­ny ber­kid­ýär. Ýü­re­gi ata Wa­ta­ny­my­za söý­gü­den, ene top­ra­gy­my­za mä­hir­den, ha­lal hem-de joş­gun­ly zäh­met çek­mä­ge hy­juw­dan do­ly hal­ky­my­zy Gahryman Arkadagymyzyň da­şy­na has-da je­bis­leş­dir­ýär. Hormatly Prezidentimiziň döw­le­ti­mi­ziň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni taý­dan ösen döw­let­le­riň ha­ta­ryn­da­ky or­nu­ny ber­kit­mä­ge gö­nük­di­ri­len döw­let sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de ata Wa­ta­ny­myz dur­nuk­ly ös­ýär, dün­ýä yk­dy­sa­dy gi­ňiş­li­gi­ne üs­tün­lik­li go­şul­ýar, hal­ky­myz eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ýar.
Ýö­rän ýo­ly bi­ziň üçin ýö­rel­ge, be­ýik, nus­ga­lyk iş­le­ri gö­rel­de, pa­ra­sat­ly söz­le­ri şy­gar bo­lan Gahryman Arkadagymyzyň ja­ny­nyň sag, be­lent ba­şy­nyň aman, tu­tum­ly iş­le­ri­niň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­ni ar­zuw ed­ýä­ris!

Aý­je­ren TA­GAN­DUR­DY­ÝE­WA,
Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.