Gyş paslynda günüň dowamynda howanyň derejesiniň üýtgäp durmagyny nazara alyp, howanyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýinmegi, şeýle hem häzirki wagtda howanyň akymynyň üýtgemegi bilen baglanyşykly howa şertleriniň adamyň bedenine ýetirip biläýjek oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak maksady bilen, agyz-burun örtüklerini ulanmaly, elleri arassa saklamaly, 2 metrden az bolmadyk howpsuz araçägi berjaý etmeli.

Gyş pas­lyn­da ho­wa­nyň çyg­ly­ly­gy we so­wuk­ly­gy se­bäp­li ýü­ze çy­kyp bil­jek ýi­ti res­pi­ra­tor ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak üçin her bir adam da­şa­ryk çy­kan­da bur­nuň nem­li bar­da­sy­na hök­man ok­so­lin mel­he­mi­ni çal­ma­ly. Şah­sy aras­sa­çy­lyk ta­lap­la­ry­ny berk ber­jaý et­me­li, eli­ňi ýy­gy-ýy­gy­dan sa­byn­lap ýu­wup dur­ma­ly we zy­ýan­syz­lan­dy­ry­jy se­riş­de­le­ri ulan­ma­ly.
Gyş gün­le­rin­de ho­wa­nyň tem­pe­ra­tu­ra­sy­nyň dur­nuk­syz­ly­gy se­bäp­li, is­len­dik ke­sel­den, şol san­da ýi­ti res­pi­ra­tor ke­se­lin­den go­ran­mak örän mö­hüm­dir. Mu­nuň üçin üs­gür­ýän we as­gyr­ýan adam­la­ra ýa­kyn­laş­mak­dan sak­lan­ma­ly. Maş­ga­la luk­ma­ny bi­len mas­la­hat­la­şyp, möw­süm­le­ýin ke­sel­le­riň öňü­ni alyş san­jym­la­ry­ny ge­çir­me­li. Adam­la­ryň köp üýş­ýän ýe­ri­ne bar­mak­dan sak­lan­ma­ly. Da­şar­dan gel­nen­de, na­har­dan öň we soň el­le­ri sa­byn­lap ýuw­ma­ly, otag­la­ry ýy­gy-ýy­gy­dan ýe­le­ji­re­dip, ho­wa­sy­ny ça­lyş­ma­ly, çyg­ly es­gi bi­len sü­pü­rip, aras­sa­lap dur­ma­ly.
Şeý­le hem sag­dyn iý­mit­len­mek, aras­sa­çy­lyk ter­tip-düz­gün­le­ri­ni berk ber­jaý et­mek, pas­la gö­rä ge­ýin­mek, Türk­me­nis­tan­da ös­ýän der­man­lyk ösüm­lik­le­rin­den dem­le­me­le­ri iç­mek ada­myň ke­sel­le­re gar­şy dur­nuk­ly­ly­gy­ny ber­kid­ýär. Ho­wa ýag­da­ýy bi­len bag­la­ny­şyk­ly möw­süm­le­ýin dö­re­ýän ýi­ti ýo­kanç ke­sel­le­ri be­jer­mek­de we öňü­ni al­mak­da bu­ýan kö­ki giň­den ula­nyl­ýar. Bu­ýa­nyň kö­kün­de köp muk­dar­da be­je­ri­ji hä­si­ýet­li mad­da­lar bolup, olar ga­ky­lyk gop­du­ry­jy, ör­tü­ji, umu­my be­den ber­ki­di­ji, da­mar gi­ňel­di­ji tä­sire e­ýýedir­ler. Şeý­le-de, bu şy­pa be­ri­ji ösüm­ligiň kö­kün­de be­den­de suw-duz çal­şy­gy­ny saz­la­ýan mad­da­lar hem bar.
Her bir adam sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­me­li, sag­dyn iý­mit­len­me­li. Her gün gök önüm­le­ri, ir-iý­miş­le­ri iý­me­li. Ada­myň im­mun ul­ga­my be­de­ne wi­ta­min­le­riň, esa­san hem, A , B we D wi­ta­min­le­ri­niň ýe­ter­lik düş­me­gi bi­len bag­ly. Bu­la­ryň äh­li­si gök-bak­ja önüm­le­rin­de bar. Mun­dan baş­ga-da, sag­dyn we berk be­den­li bol­mak üçin aras­sa ho­wa­da ge­ze­lenç et­me­li we sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýe­rip, be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­ma­ly.

Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň Sag­ly­gy go­raý­şyň ha­bar­lar mer­ke­zi.