Dün­ýä­niň dür­li ýer­le­rin­de ýüz­den gow­rak alym Ýer ýü­zün­dä­ki to­kaý­lar ba­ra­da mag­lu­mat go­ru­ny dö­ret­di­ler. Bu ba­ra­da­ky yl­my iş «Procee­dings of the Na­tio­nal Acade­my of Sciences» žur­na­lyn­da ne­şir edil­di. Bu yl­my ma­ka­la­da alym­lar agaç­la­ryň 9 müň 200 gör­nü­şi­niň ylym dün­ýä­si­ne nä­mä­lim­di­gi­ni, se­bä­bi bu ösüm­lik­le­riň kö­pü­si­niň seý­rek duş gel­ýän­di­gi­ni we di­ňe bel­li bir ýer­de ös­ýän­di­gi­ni aýd­ýar­lar. Alym­lar ola­ryň ýok bol­mak how­pu­nyň ýo­ka­ry­dy­gy­na ün­si çek­ýär­ler. Ösüm­lik­ler ba­ra­da­ky mag­lu­mat go­ru­ny dö­ret­mek üçin alym­lar Glo­bal to­kaý bio­dür­lü­li­gi at­ly eda­ra­nyň hem-de Ýer ýü­zün­dä­ki agaç­la­ryň sa­ny­ny anyk­la­mak üçin iş alyp bar­ýan «Treechan­ge» eda­ra­syn­dan al­nan mag­lu­mat­la­ry jem­le­di­ler. Mag­lu­mat go­run­da dün­ýä­niň 100 ýur­dun­dan we se­bi­tin­den 38 mil­li­on­dan gow­rak aga­jyň ady bar.
Bi­ler­men­ler üs­ti açyl­ma­dyk agaç­la­ryň 40 gö­te­ri­mi­niň Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da ös­ýän­di­gi­ni çak­la­ýar­lar. Bu se­bit seý­rek duş gel­ýän agaç­la­ryň has köp ga­bat gel­ýän ýe­ri­dir. Min­ne­so­ta uni­wer­si­te­tin­de zäh­met çek­ýän eko­log Pi­ter Riç ylym dün­ýä­si­ne nä­mä­lim bo­lan agaç­la­ryň köp bö­le­gi­niň Ama­zon­ka­da­ky we And dag­la­ryn­da­ky köp ýa­gyn ýag­ýan to­kaý­lar­da ös­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär.

Al­tyn GUT­LY­ÝE­WA,
Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.