«EV Volumes» kompaniýasy geçen ýyl iň köp satylan elektroulaglaryň sanawyny mälim etdi. «Tesla Model 3» birinji orny saklap galdy. Şeýlelikde, bu ulag 4 ýyllap yzly-yzyna iň köp satylan elektroulag boldy. Soňky ýyllarda «Volkswagen», BMW, «Mercedes Benz» we «Hyundai» ýaly kompaniýalar elektroulag modelleriniň sanyny artdyrýarlar. «EV Volumes» kompaniýasynyň bilermenleri geçen ýyl elektroulag bazarynyň gyzgalaňly bolandygyny belleýärler. 2021-nji ýylda gibrid ulaglaryň satuwy 108 göterim, dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň satuwy bolsa 69 göterim artypdyr. Gibrid ulaglaryň hem hasaba alnan maglumatyna görä, iň köp satylan ikinji elektroulag «Wuling Hongguang Mini EV» bolupdyr. Ady köp eşidilmedik hem bolsa, bu ulag, esasan, hytaý bazaryna hödürlenip, elýeterli bolmagy bilen tapawutlanýar. Üçünji ýerde «Tesla Model Y», dördünji orunda «Volkswagen ID.4» ulagy bar. Hytaýyň «BYD Qin Plus» ulagy (gibrid) iň köp isleg bildirilen bäşinji ulag bolupdyr.
Şeýle hem sanawda «Renault Zoe», «Kia Niro», «Nissan Leaf», «Toyota RAV4» we «Hyundai Kona» ýaly iri awtoulag öndürijileriň maşynlary bar.