Niderlandlarda 2 müň ýyl mundan ozal ýasalan aýna käse tapyldy. Bu gabyň aýratynlygy şonça ýyl geçendigine garamazdan hiç hili zeper ýetmänligidir. Bilermenler gök reňkli aýnanyň Rim Imperiýasynyň döwründen galandygyny belleýärler. Käsäniň geçen ýylyň ahyrynda Neýmegen şäherinde alnyp barylýan gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylandygy mälim edildi. Arheolog Pepiýn wan de Gir käsäniň ýüzündäki nagyşlaryň suwuk wagty çekilendigini belleýär. Onuň aýtmagyna görä, metal oksidirleme käsäniň reňkiniň gök bolmagyna sebäp bolupdyr.
Taryhçylaryň bellemeklerine görä, Niderlandlaryň häzirki meýdanynyň iki sebiti şol döwürler Rim Imperiýasynyň çäginde bolupdyr.