Ýer ýüzünde geografik şertlerine we paslyna baglylykda ygalyň dürli görnüşleri ýagýar. Howanyň has sowuk ýerlerinde gar, buz, doly ýa-da jöwenek ýagýan bolsa, yssy ýerlerde we pasyllarda ýagyş ýagýar. Ygalyň gaty seýrek ýagýan çöllerinde bolsa ýylyň belli paslynda diňe çyg düşýär. Ygalyň bir görnüşi bolan ýagyş diňe bir dag eteklerindäki ýa-da sähralardaky otlaryň bitmegine şert döretmän, towlanyp akýan derýalary, giň howdanlary hem suwdan doldurýar. Suw bolsa janly-jandarlaryň ählisi üçin ýaşaýyş çeşmesi hasaplanýar. Ýagyş damjalarynyň ululygy 0,5 millimetrden 6-7 millimetre çenli bolup bilýär.
Ýagyş damjalarynyň ýokarsy ýiti, aşagy tegelek görnüşinde suratlandyrylýan hem bolsa, aslynda hakyky ýagyş damjasynyň şekili togalak bolýar. Ýagyş damjalarynyň tizligi sagatda 8-30 kilometr aralygynda üýtgeýär. Şeýle-de bolsa, has iri ýagyş damjalarynyň tizligi sekuntda 10 metre çenli ýetip bilýär. Bu bolsa, sagatda 36 kilometr tizlik diýmegi aňladýar. Şeýle tizlik bilen 4 müň metr belentlikdäki bulutdan gaýdan damja ýedi minutda ýere gelip ýetýär.
Has uly damjalaryň aşaky şekili hem maýda damjalardan biraz tapawutly bolýar. Muňa uly damjalara howanyň has köp garşylyk görkezmegi sebäp bolýar. Ýagny iri damjalar beýlekilerden tapawutlylykda biraz ýasy bolýar.