Şu günler Efiopiýanyň paýtagty Addis-Abebade Afrika Bileleşiginiň (AU) 35-nji ýubileý sammiti geçirilýär. Sammit Afrika Bileleşiginiň Addis-Abebadaky ştab-kwartirasynda guramanyň agza ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň maslahaty bilen başlandy.
Sammite gatnaşyjylar Afrika ýurtlarynda ýüze çykýan çylşyrymly ýagdaýlar, howanyň üýtgemegi we koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly ýagdaýlar barada özara pikir alyşýarlar. Sammitde Afrika Bileleşiginiň başlyklygy Kongo Demokratik Respublikasyndan Senegala geçer. 2-nji fewralda öz işine başlan bu syýasy çärä 6-njy fewrala çenli dowam eder.
Afrika bileleşigi 1963-nji ýylyň maýynda döredilip, ilki Afrika agzybirlik guramasy diýlip atlandyryldy. Ol häzirki adyna 2001-nji ýylda eýe boldy. Guramanyň düzüminde 55 döwlet bar. Onuň ştab-kwartirasy Addis-Abeba şäherinde ýerleşýär. Afrika Bileleşiginiň ilatynyň umumy sany 1,27 milliarddan gowrak bolup, esasan, arap, iňlis, fransuz, portugal we Afrika dillerinde gürleşýärler. Afrika Bileleşigi ýakyn ýyllarda özüniň erkin söwda zolagyny, gümrük bileleşigini, ýeke-täk bazaryny, merkezi bankyny we ýeke-täk pul birligini döretmegi maksat edinýär. Bilermenleriň aýtmagyna görä, eger-de bellenilen meýilnama doly amala aşyrylsa, Afrika yklymynyň erkin söwda zolagy dünýäniň iň uly söwda zolagy bolar.