Şu günler Londonyň merkezindäki Kurto galareýasynda “Wan Gog: Awtoportretler” atly sergi dowam edýär. Bu sergide Wan Goguň 16 sany awtoportreti görkezilýär. Suratkeşiň diňe öz suratlaryndan ybarat bolan sergide, suratkeşiň ömrüniň soňky ýyllaryndaky çeperçilik usulyýetiniň ösüşi, dürli ugurlardaky synaglary bilen ýakyndan tanşyp bolýar.
-Sergini guramak çylşyrymly boldy, çünki Wan Goguň suratlarynyň gymmatly eserler bolanlygy üçin onuň eýeleri wagtlaýyn hem bolsa, olardan daşlaşmak islemediler – diýip, serginiň guramaçysy Karen Serres aýtdy.
Suratkeş ömrüniň dowamynda 35 awtoportretini döretdi. Bu sergide olaryň diňe 16-syny görmek bolýar. Onuň iň irkileriniň biri 1886-njy ýylda çekilipdir. Portretleriň köpüsi Winsent wan Goguň Parižde ýaşan döwründe çekilipdir.
Bu awtoportretler diňe bir suratkeşiň surat çekiş usulyýetiniň kämilleşişini däl, eýsem onuň ruhy-aň ýagdaýlary barada netije çykarmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem sergide adaty bolmadyk portret – oturgyç görkezilýär. Winsent Wan Gog oturgyjyň öz eýesi barada maglumat berip biljekdigine ynanýardy. Çünki oturgyç, adamyň bedeniniň we şahsyýetiniň ebedi yzlaryny saklaýar diýip düşünýärdi.
Niderland suratkeşi (1853-1890) Winsent Willem wan Goguň eseleri XX asyryň surat eseriniň arasynda çynlakaý yz galdyrypdyr. Ol 2100-den gowrak eser döredip, olaryň arasynda portretler, awtoportretler, peýzažlar, natýurmortlar we beýlekiler bar.
3-nji fewralda açylan bu sergi 8-nji maýa çenli dowam eder.