Birleşen Arap Emirlikleri dowamlylygy 4,5 gün boljak täze iş hepdesine geçýär. Bu özgerişligiň bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyryp, iş bilen dynç alyşyň arasyndaky deňagramlylygy saklajakdygy, şol bir wagtyň özünde, emirligiň ýaşaýjylarynyň boş wagtlaryny we öndürijiligini ýokarlandyrmaga ýardam berjekdigi tassyklanýar. Dynç günleri indi öňküsi ýaly anna we şenbe günleri däl-de, şenbe we ýekşenbe günleri bolar.

2022-nji ýylda täze iş hepdesine geçiş döwlet edaralaryndan we mekdeplerden başlady. Soňra muňa maliýe edaralary hem goşuldylar. Wagtyň geçmegi bilen hususy pudaklar hem täze tertibe geçer. BAE-de işleýän halkara guramalar dürli ýurtlar bilen maliýe, ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ýeňilleşdirjek iş hepdesini makullaýarlar.

Şeýlelikde, BAE dünýäde ilkinji bolup, duşenbe güni başlap, anna güni günortan tamamlanjak 4,5 günlük iş hepdesini kabul etdi.

Häzirki wagtda şuňa meňzeş çäreler birnäçe ýurtlarda, şol sanda, Islandiýada synagdan geçirildi. Bu ýerlerde işçileriň 85 göterimi dört günlük iş hepdesine geçip, bu ýagdaý öndürijiligiň we abadançylygyň ýokarlanmagyna sebäp boldy. Beýik Britaniýa golaýda Ýaponiýa, Ispaniýa we Täze Zelandiýa ýaly ýurtlara eýerip, şuňa meňzeş meýilnamalaryny yglan etdi.