Bollywood-yň meşhur ýyldyzy, aýdymçy, pleýbek aýdymçysy, kompozitor Lata Mangeşkar 92 ýaşynda aradan çykdy. 1929-njy ýylyň 28-nji sentýabrynda häzirki Madhýa Pradeş welaýatynda dünýä inen Mangeşkar 1942-nji ýyldan bäri müňlerçe hindi filminde aýdym ýerine ýetirdi. Ol dünýä belli pleýbek aýdymçysy hökmünde tanalýardy. Entek 13 ýaşyndaka mahmal sesi bilen kino sungatyna aralaşan Mangeşkar hindi filmleriniň iň uly aýratynlygy bolup, aýdymlaryň ýerine ýetirijisi bolup çykyş edýär. Ol tutuş ömrüni sungata sarp edip, ol hindi filmleri üçin 25 müňden gowrak (käbir çeşmelerde 50 müňden gowrak hem diýlip bellenilýär) aýdym ýerine ýetiripdir. Irki ýyllarda bu ugurda Ginnesiň rekordlar kitabyna-da adyny ýazdyran Mangeşkar aýdymlarynyň agramly bölegini hindi dilinde, şeýle-de, tamil, penjap, bengal dillerinde-de ýerine ýetirýär.
Hindistanyň bilbili, Müňýyllygyň sesi, Melodiýanyň şagyzy ýaly lakamlar bilen tanalýan Mangeşkar özüniň mahmal owazy bilen “Sergezden”, “Jenap 420”, “Sangam”, “Hindistanyň enesi”, “Ar alyş we kanun”, “Piller meniň dostum”, “Çori, çori”, “Zita we Gita”, “Bobbi”, “Alibaba we kyrk garakçy”, “Ganga”, “Çandni”, “Maşgala”, “Sungata bolan söýgi”, “Ram we Lakhan”, “Umrao”, “Kişan we Kanhaýa”, “Mohabbetein”, “Dewdas”, “Hiç haçan hoş gal diýme”, “Lagaan”, “Lybas”, “Üýtgeşik gelinlik” (Dilwale Dulhania Le Jayenge), “Wijaý” ýaly meşhur kinolardaky meşhur aýdymlary ýerine ýetirdi. Lata Mangeşkar ýurduň iň uly sylaglaryndan Padma Phuşan, Dada Saheb Falke baýragyna, Padma Wibhuşan, Bharat Ratna, şol sanda, Milli film baýragyna (3), Filmfare baýragyna (7) we başga-da onlarça baýrakdyr sylaglara, ordenlere laýyk görülýär.