Ady rowaýata öwrülen 44 ýaşyndaky italiýaly derwezeçi Janluiji Buffon taryhy başarnyk görkezmegini dowam edýär. Tejribeli derwezeçi häzirki wagtda Italiýanyň 2-nji ligasy Serie B-de futbola başlan kluby Parmanyň köýnekçesini geýýär. Parma topary soňky tapgyrda Benewento bilen golsuz deňme-deň oýnady. Bu duşuşyk Janluiji Buffonyň karýerasyndaky gol geçirtmedik 500-nji duşuşygy hökmünde hasaba alyndy. Şunlukda, ol 500 duşuşykda derwezesini goldan goran ilkinji derwezeçi hökmünde adyny taryha ýazdyrdy. Buffon Ýuwentusda 322, Parmada 92, PSŽ-de 9 hem-de Italiýanyň milli ýygyndysynda 77 duşuşykda gol geçirtmedi. Buffon şu wagta çenli professional karýerasynda 1125 duşuşyk geçirdi.