Geçen ýyl NFT tendensiýalary örän meşhur boldy. Auksion öýlerinden dürli platformalara köp sanly satuw edildi. Bilermenler bu ýyl NFT arkaly amala aşyrylýan satuwlaryň has hem köpelip, milliard dollarlyk derejelere ýetimegine garaşylýandygyny belleýärler. “Business Insider Inc” media kompaniýasy iň köp satylan NFT kolleksiýalaryny anyklady. Bu bazaryň ösmegine kripwalýutanyň hem uly täsir edendigi bellenilýär. 2021-nji ýylda sungat işgärleri, maýadarlar we telekeçiler köpelýän “Web3” giňişliginde jemi 14 milliard dollardan gowrak NFT satuwyny amala aşyrdylar. Özboluşly, çalşyp bolmajak, esasan hem, ulanyjylaryň onlaýn satyn alýan we satýan sanly önümleri bolan NFT-ler geçen hepde 565 million dollara ýetdi.
NFT satuwynyň artmagy bilen iň köp satylan NFT kolleksiýasy şu aşakdylardyr:
FLUF WORLD: 7 günde jemi 7,9 million dollar bolan 670 satuw amala aşyryldy. Iň ýokary satuwyň bahasy 99,742 dollar.
DOODLES: 7günde jemi 9,3 million dollar bolan 318 satuw amala aşyryldy. Iň ýokary satuwyň bahasy 214,666 dollar.
“SANDBOX”: 7 günde jemi 9,9 million dollarlyk 910 satuw ama’ala aşyryldy. Iň ýokary satuwyň bahasy 84,553 dollar.
“CRYPTOPUNKS”: 7 günde jemi 35,3 million dollarlyk 183 satuw amala aşyryldy. Iň ýokary satuwyň bahasy 951,844 dollar.
“BORED APE YACHT CLUB”: 7 günde jemi 75,8 million dollarlyk 916 satuw amala aşyryldy. Iň ýokary satuwyň bahasy 834,938 dollar.