Amerikaly aktrisa we aýdymçy Zendaýanyň mumdan ýasalan heýkeli Londonyň Tussauds muzeýi üçin ýasaldy. 25 ýaşly ýyldyzyň heýkeli üçin zerur bolan ýüz we beden ölçegleri 2015-nji ýylda mum suratkeşleri bilen duşuşygynda alyndy we şekillendirildi. “Golliwudyň” “Möý adam: Öýe gaýdyp gelmek”, “Dýun: Çöl planetasy we tomaşaçy” keşpleri bilen tanalýan aktýor indi bu heýkeli bilen Londonda hemişelik “wekilçilik eder”. Zendaýanyň heýkeline gülgüne lybas geýdirilipdir. Saçy yzyndan bir gezek boglup goýlupdyr. Heýkel meşhur adamlaryň mum heýkelleriniň saklanýan muzeýinde şu hepdäniň anna gününden başlap köpçülige görkeziler. Meşhur aktrisa muzeýdäki heýkellerini görüp surata düşdi we munuň özi üçin uly hormat we sowgatdygyny aýtdy.