Ýiti respirator keseli diýlip adamyň ýokarky dem alyş agzalarynyň sowuklamasyna aýdylýar. Wiruslaryň döredýän bu keseli, esasan, pasyl çalşygynda döräp, ýylyň ähli möwsüminde hem ýüze çykyp bilýär.
Onuň ilkinji alamatlary, burnuňdan dem almagyň kynlaşmagy ýa-da burnuň akmagy, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry, ysgynsyzlyk, umumy gowşaklyk ýaly alamatlar bolup, ýiti respirator keseli bilen kesellänler, daş-töweregindäki adamlara keseliň geçmezligi, ýokuşmazlygy üçin bedeniň kesele garşy göreş ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmaly, munuň üçin sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, bedenterbiýe bilen meşgullanmaly, bedeni hemişe taplamaly. Munuň üçin maşklary ýerine ýetirmek, her gün ýöremek peýdalydyr.
Şeýle-de, işe, mekdebe, okuwa gidilende, öýden çykylmanka çagalarymyzyň we özümiziň burnumyza oksolin melhemini çalmaly, bu bolsa jemgyýetçilik ulaglarynda, köpçülik ýerlerinde, keselli adamlaryň keseliniň geçmezliginiň öňüni alýar. Bulardan başga-da, daşary ýyly ýaly görünse-de pasla görä geýinmeli, başgap geýmeli.
Şeýle-de, askorbin turşusyna baý önümleri, bal we limon garylan gök çaýy, itburun demlemesini, miwe şirelerini, kelem, käşir we beýleki bakja önümlerini köpräk iýip-içmeli. Howanyň üýtgemegi bilen möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin milli tagamymyz bolan gyzyl burç goşulan unaşy hem iýmeli. Burçuň düzümindäki fitonsidler, peýdaly maddalar adamyň bedeniniň kesele garşy göreş ukybyny ýokarlandyrýar. Möwsümleýin keseller ýüze çykanda maşgala lukmanyna ýüz tutup, gerekli maslahatlary, bejergileri almaly. Derman serişdelerini lukman bilen maslahatlaşman ulanmaly däl. Olary özbaşdak ulanmaklyk birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler we bedeniň kesel bilen öwrenişmegine, durnuklylygyna getirer.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli, ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlaryny içmeli. Möwsümde ýüze çykyp biläýjek ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin her bir adam daşaryk çykanda hökman agyz-burun örtügini dakynmaly we 2 metrden az bolmadyk howpsuz araçägi saklamaly. Şahsy arassaçylyk talaplaryny berk berjaý edip, elleriňizi sabyn bilen ýygy-ýygydan ýuwmaly we zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly. Bu düzgünleri çagalaryňyza hem ýatladyp durmaly.
Jennet Hajyýewa,
Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň uly ylmy işgäri.