Boýnuna teker giren krokodil halas edildi

203
A crocodile with a motorcycle tire stuck around its neck basks on a riverbank in Palu, Central Sulawesi on Jan. 18, 2020. The wild crocodile that has the used tire stuck around its neck for six years has finally been freed by an Indonesian bird catcher in a tireless effort that wildlife conservation officials hailed as a milestone. (AP Photo/Mohammad Taufan)

Indoneziýanyň Sulawesi adasyndaky Palu şäherinde ýerli haýwan hukuklaryny goraýjylar boýnunda 5 ýyllap motosikl tekerini göterip gezen krokodili halas etdiler. 2016-njy ýyldan bäri daşky gurşawy goramagyň meseleleri bilen iş salyşýan guramanyň işgärleri krokodile kömek etmäge we boşatmaga synanyşyp geldiler. Ýöne olaryň tagallalary häzire çenli başa barmandy.

Iň soňunda uzynlygy bäş metre deň bolan bu süýrenijä haýwan hukuklaryny goraýan ýerli ýaşaýjylar kömek etdi. Olar üç hepdäniň dowamynda krokodili tutmagyň ugruna çykdylar. Ahyrynda 20 adamdan  gowrak toparyň tagallasy bilen haýwan kenara çykarylyp, tigirden boşadyldy.