Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron 2050-nji ýyla çenli azyndan alty sany täze Atom elektrik stansiýasynyň (AES) guruljakdygyny mälim etdi. Bu elektrik beketleri üçin 50 milliard ýewro çykdajy ediler. Ilkinji bekediň 2035-nji ýyla çenli işe girizilmegine garaşylýar. Prezident Makron bu beketlerden başga ýene-de sekiz elektrik bekedi guruljakdygy üçin işe girişiljekdigini, 30 ýylyň dowamynda Fransiýanyň dünýäde gazylyp alynýan energiýa çeşmelerini ulanmaýan ilkinji uly ýurt boljakdygyny belledi. Ol gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ähmiýetlidigine ünsi çekip, 2030-njy ýyla çenli alternatiw energiýa önümçiliginiň iki esse artdyryljakdygyny belledi. Gün we ýel energiýalarynyň ösdüriljekdigini aýdan Prezident 2050-nji ýyla çenli 50 sany “offshore” (deňziň içinde, kenardan uzakda) ýel turbinasyny gurmagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy.
Bütindünýä Ýadro Bileleşiginiň (WNA) maglumatlaryna görä, Fransiýada häzirki wagtda 56 Atom elektrik stansiýasy bar. Ýurtda sarp edilýän elektrik energiýasynyň 70 göterimi bu beketler arkaly üpjün edilýär.