Belli rus ýazyjysy Aleksandr Solženisynyň arhiwi 4,4 million rus rubluna auksionda satyldy. Bu barada “12-nji oturgyç” auksion öýi habar berýär. “Iň gymmat zat ýazyjynyň goluny goýup maşinkada ýazan“GULAG arhipelagy” eseri boldy. Bu eseriň başlangyç bahasy 350 müň rubl bolup, 1,3 million rus rubluna satyldy.

Aleksandr Solženisyn (1918-2008) – ýazyjy, dramaturg, şahyr we publisist, SSSR-de, Şweýsariýada, ABŞ-da we Russiýada ýaşapdy we işläpdi. 1970-nji ýylda “beýik rus edebiýatynyň däp-dessurlaryndan alnan ahlak güýji üçin” Nobel baýragyna mynasyp boldy. Ýazyjynyň iň meşhur eserleriniň arasynda “Gulag arhipelagy”, “Birinji tegelekde”, “Gyzyl tigir”, “Matreniniň hojalygy”, “Iwan Denisowiçiň durmuşynda bir gün”, “Düwnük keseli” we beýlekiler bar.