Maglumatlara görä, dünýäde 7 müň töweregi dil bar. Olaryň arasynda gadymdan gelýänlerem, soňky ýyllarda kämilleşip, aýratyn dile öwrülenleri hem bar. Alymlaryň pikirine görä, ilki haýsy diliň peýda bolandygyny anyklamak kyn. Şeýle-de bolsa, ilkinji ýazuwyň Miladydan ozalky 8-nji müňýyllykda Mesopotamiýada dörändigi çaklanylýar. Dürli sebäplere görä, gadymy dilleriň birnäçesi ýitip gidipdir. Muňa garamazdan, gadymy dilleriň saklanyp galanlary hem az däl. Gadymy dilleriň hataryna ilkinji bolup latyn dilini agzamak bolar. Gadymy latyn dili dünýädäki iň köp öwrenilýän dilleriň biri bolup, ýokary okuw mekdeplerinde hem okadylýar. Gadymy latyn dili Watikanda we beýleki käbir ýurtlarda resmi hatlarda ulanylýar.
Ermeni dili hem gadymy dilleriň biridir. Bu dilde 5 milliondan hem köp adam öz ene dili hökmünde gepleýär. Bu dilde gepleşýänler diňe Ermenistanda däl, eýsem, Eýranda, Russiýada, Ukrainada, Ýewropada we beýleki ýurtlarda hem bar.
Adaty harplar däl-de, her bir bognuň bir şekili (ioroglif) arkaly aňladylýan hytaý dili hem gadymy dilleriň biridir. Ioroglifleriň döränine 3 müň ýyldan gowrak wagt geçendigi aýdylýar. Häzirki wagtda 1 milliarddan gowrak adam ene dili hökmünde hytaýça gepleýär.
Aýsoltan Orazmyradowa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.