11-nji fewralda ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.

Onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow başlyklyk etdi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisine Hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap hem-de şäher Halk Maslahatlarynyň agzalary gatnaşdy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisiniň işi iki bölekden ybarat bolup, onuň birinji böleginde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Hökümetiň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemi jemlenildi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hasabatlary diňlenildi hem-de olaryň alyp baran işleriniň netijelerine baha berildi, şeýle hem şu ýyl ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz jemi içerki önümiň ösüşini azyndan 6 göterime ýetirmek hem-de döwletimiziň girdejilerini artdyryp, bazar ykdysadyýetini ösdürmek boýunça degişli işleri amala aşyrmagyň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň, etraplaryň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2027-nji ýyla çenli döwür üçin täze Milli Maksatnamany hem taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Bu Maksatnamany amala aşyrmak üçin mümkinçilige görä, has köp maýa goýumlary goýulmalydygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny tassyklamak baradaky resminama gol çekdi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýylyň başynda 2021-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanan etraplary we etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady bilen, bäsleşigiň yglan edilendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýakynda ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygynda ýörite toparyň bu bäsleşigiň jemlerini jemländigini belledi. Şonuň esasynda ýeňijiniň kesgitlenendigi habar berlip, ol yglan edildi.

Döwlet Baştutanymyz bäsleşikde ýeňiji bolan Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň häkimligini bir million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglamak baradaky buýruga gol çekdi.

Mejlisiň işinde arakesme wagtynda toý sadakasy berildi.

Sadaka tamamlanandan soň, Halk Maslahatynyň mejlisi dowam etdi. Şonuň barşynda 2022–2052-nji ýyllar aralygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasy kabul edildi.

Milli Liderimiz mejlisde maksatnamalaýyn çykyş edip, şeýle diýdi:

– Ata Watanymyzyň özygtyýarly, özbaşdak ösüş ýoluna düşmegi biziň halkymyz üçin ykbal kesgitleýji taryhy waka we dünýä bileleşigine täsir eden ýagdaýdyr. Şoňa görä-de, türkmen halkynyň öz Garaşsyz döwletini döretmek baradaky köpasyrlyk arzuw-isleginiň otuz ýyl mundan ozal amala aşandygyny, ýurdumyzyň taryhynda täze zamananyň başlanandygyny doly esas bilen aýdyp bileris.

Garaşsyzlyk alnandan soňky çylşyrymly döwre garamazdan, bize demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşyny döretmek hem-de kämilleşdirmek başartdy.

Döwlet häkimiýetiniň netijeli gurluşy döredildi. Ýyllarboýy toplanan tejribe arkaly döwlet edaralaryny kämilleşdirmek, milli ykdysadyýetimizi yzygiderli döwrebaplaşdyrmak amala aşyryldy. Garaşsyz Türkmenistanyň dünýä bileleşigindäki orny berkidildi. Özbaşdak ösüşiň ýolunda her gün, her aý we her ýyl aýdyň, şöhratly, taryhy ähmiýetli, syýasy, ykdysady hem-de medeni wakalara baý boldy.

Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanynda hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz giň gerimli durmuş, syýasy we ykdysady özgertmeleri amala aşyrdyk. Biziň syýasy taýdan durnukly we agzybir jemgyýetimizde mähriban halkymyz öňde goýlan wezipeleri ynam bilen amala aşyrdy.

Şonuň netijesinde, durnukly syýasy-ykdysady we durmuş ösüşini gazanmagy başardyk.

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz döwletimiziň ýokary hilli ýaşaýyş jaýlarynyň halkymyza elýeterli bolmagy üçin ähli tagallalary etjekdigini aýratyn belledi.

«Siziň bilşiňiz ýaly, 15 ýyl mundan ozal, 2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirilipdi. Şol saýlawlarda mähriban halkymyz örän uly ynam bildirip, meni döwletimiziň iň ýokary wezipesine saýlady.

Bu belent ynamy 2012-nji, 2017-nji ýyllarda geçirilen ählihalk saýlawlarynda hem örän aýdyňlygy bilen duýdum. Agzybir halkymyzyň şeýle belent ynamy hem ýakyn goldawy netijesinde, bu ýyllarda biz «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämizi öňe sürmek bilen, täze ösüş ýolunda örän möhüm ädimleri ätdik, giň gerimli maksatnamalary, halkara derejeli iri taslamalary durmuşa geçirdik. Bu işler garaşsyz ösüşiň täze belentliklerine ýetmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende götermäge gönükdirildi. Merdana watandaşlarymyzyň işjeň gatnaşmagynda bu ugurdaky maksatlarymyzy üstünlikli amala aşyrdyk we amala aşyrýarys. Şeýlelikde, men Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary we örän jogapkärli wezipesinde indi 15 ýyl bäri işläp gelýärin.

Şol bir wagtda hem men Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipelerini ýerine ýetirýärin» – diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

«Bilşiňiz ýaly, men iki ýyl mundan ozal pygamber ýaşyny arka atdym.

Bu gün bolsa özüm babatda ýönekeý bolmadyk netijä gelendigimi beýan edip, ony siziň bilen maslahatlaşmak isleýärin.

Men ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilýärin.

Özümiň toplan uly durmuş hem-de syýasy tejribämi bolsa mundan beýläk Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýärin.

Ýaňy hem belläp geçişim ýaly, biz diňe bir geljegimizi däl, eýsem, şu günümizi hem ýaşlar bilen baglanyşdyrýarys. Her bir döwletiň beýikligi onuň ýetişdirip, öňe çykaryp bilen nesilleri bilen kesgitlenýär. Şu günki günde döwrebap ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaşlarymyz ähli ugurda ýüki öz üstüne alýar.

Olar milli mirasymyza çuňňur sarpa goýmak bilen, köpugurly we çalt özgerýän häzirki zamananyň ýokary talaplaryna mynasyp hötde gelip bilýändikleri bilen tapawutlanýarlar» – diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.