11-nji fewralda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde milli Liderimiz çykyş etdi
Hormatly Prezidentimiz maksatnamalaýyn çykyşynda 15 ýyl mundan ozal, 2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda mähriban halkymyz örän uly ynam bildirip, meni döwletimiziň iň ýokary wezipesine saýlady diýip belledi.
Bu belent ynamy 2012-nji, 2017-nji ýyllarda geçirilen ählihalk saýlawlarynda hem örän aýdyňlygy bilen duýdum. Agzybir halkymyzyň şeýle belent ynamy hem ýakyn goldawy netijesinde, bu ýyllarda biz «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämizi öňe sürmek bilen, täze ösüş ýolunda örän möhüm ädimleri ätdik, giň gerimli maksatnamalary, halkara derejeli iri taslamalary durmuşa geçirdik. Bu işler garaşsyz ösüşiň täze belentliklerine ýetmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende götermäge gönükdirildi. Merdana watandaşlarymyzyň işjeň gatnaşmagynda bu ugurdaky maksatlarymyzy üstünlikli amala aşyrdyk we amala aşyrýarys. Şeýlelikde, men Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary we örän jogapkärli wezipesinde indi 15 ýyl bäri işläp gelýärin.
Şol bir wagtda hem men Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipelerini ýerine ýetirýärin diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Bilşiňiz ýaly, men iki ýyl mundan ozal pygamber ýaşyny arka atdym.
Bu gün bolsa özüm babatda ýönekeý bolmadyk netijä gelendigimi beýan edip, ony siziň bilen maslahatlaşmak isleýärin.
Men ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilýärin.
Özümiň toplan uly durmuş hem-de syýasy tejribämi bolsa mundan beýläk Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýärin.
Ýaňy hem belläp geçişim ýaly, biz diňe bir geljegimizi däl, eýsem, şu günümizi hem ýaşlar bilen baglanyşdyrýarys. Her bir döwletiň beýikligi onuň ýetişdirip, öňe çykaryp bilen nesilleri bilen kesgitlenýär. Şu günki günde döwrebap ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaşlarymyz ähli ugurda ýüki öz üstüne alýar.
Olar milli mirasymyza çuňňur sarpa goýmak bilen, köpugurly we çalt özgerýän häzirki zamananyň ýokary talaplaryna mynasyp hötde gelip bilýändikleri bilen tapawutlanýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.