11-nji fewralda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.
Mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň saýlanan agzalary, Mejlisiň deputatlary, döwlet häkimiýet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, halkyň hormatly ýaşululary, ilatyň ähli gatlaklarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň durmuşynyň derwaýys wakasyna öwrülen umumymilli forumyň gün tertibine türkmen döwletini we jemgyýetini mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, esasy maksady halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek, uzakmöhletleýin geljegi nazara almak bilen, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň ygtybarly esasyny goýjak oňyn özgertmeleri yzygiderli amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri goýuldy.
Mejlisde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasy» kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda döwletiň hem-de onuň institutlarynyň geljek 30 ýyl üçin ösüşiniň esasy ugurlaryna aýratyn üns berildi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu meselede adamlaryň durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy, şeýle hem makroykdysady ýagdaýlaryň durnuklylygynyň gazanylmagy aýratyn ileri tutulýandyr.
Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetiň durnukly ösdürilmegi üçin ähli serişdelerdir mümkinçilikleriň peýdalanmagyň derwaýys meseleleriň hatarynda öňe sürülýändigini belledi. Döwlete dahylsyz pudagy ösdürmek üçin ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçirilmegini, telekeçiligiň döwlet tarapyndan giňden goldanylmagyny göz öňünde tutýarys diýip, milli Liderimiz aýtdy.