Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň 11-nji mejlisinde hormatly Prezidentimiz Garaşsyzlyk döwründe döwletimiziň ösüşiniň her bir tapgyryna at berýäris. Soň­ky ýyllarda ýurdumyz ösüşiniň döwürlerini — Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasyny hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni üstünlikli durmuşa geçirdi. Bu döwürleriň her biri biziň taryhymyzda öçmejek yz galdyrdy diýip belledi.

Ýakyn ýyllarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň iň bir gülläp ösýän ýurtlarynyň birine öwrülmegi üçin ähli esaslar we mümkinçilikler bar. Häzirki döwürde türkmen döwleti öz halkynyň geljeginiň hatyrasyna ösüşiň şeýle belentliklerine tarap ynamly barýar. Biz bu ugurda işjeň tagallalary ederis diýip, milli Liderimiz nygtady. Şu belent maksatlara laýyklykda, Watanymyzy ösdürmegiň geljek döwrüni «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip atlandyrsak, örän ýerlikli bolar diýip, döwlet Baştutanymyz  aýtdy.