Portugaliýanyň çempionatynda çempionlyga täsirini ýetirip biljek duşuşyk geçirildi. Sanawyň lideri Porto öz meýdançasynda soňky çempion Sporting bilen duşuşdy. Çekeleşikli we dartgynly geçen oýun 2-2 deňlikde tamamlandy. 8-nji minutda Paulinionyň, 34-nji minutda-da Nuno Santosyň gollary bilen myhmanlar 2-0 öňe saýlandy. Ýöne ýer eýeleri birinji ýarym tamamlanmanka geçirden 2 golunyň biriniň öwezini dolmagy başardy. 38-nji minutda Fabio Wieiranyň goly Porto toparyny umutlandyrdy.
2-nji ýarymyň başynda, has takygy, 49-njy minutda Koates ikinji sarydan soň gyzyl kart alyp, Sporting toparyny meýdançada bir oýunçy kem goýdy. Duşuşygyň 78-nji minutynda Portonyň eýranly hüjümçisi Mehdi Taremi hasaby deňledi. Şeýlelikde, duşuşyk 2-2 hasabynda deňlikde tamamlandy. Oýundan soň iki toparyň oýunçylarynyň arasynda sene-mene ýüze çykdy. Emin her topardan 2 futbolça – (Markesin, Pepe – Tabata, Palinha) gyzyl kart görkezdi. Oýnuň dowamynda-da emin jemi 11 gezek sary kartyna ýüz tutmaly boldy. Netijede, ýeňlişsiz öňde barýan Porto ikinji ýerdäki Sporting bilen 6 utuklyk aratapawudy saklamagy başardy. Häzirki wagtda Portonyň 60, Sportingiň 54 utugy bar.